SOŇKY HABARLAR
Daşary işler ministriniň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen...
Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstraliýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Uilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýaziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ministr Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlamagy bilen gutlady we minnetdarlyk bildirdi hem-de geljekde üstünlikli, netijeli işleri arzuw etdi. Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak...
Türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pi...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we...
BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Demokratik institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda b...
Türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilşi...