SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr. Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyý...
BAHAR KALPLARDA NAGMA KAKÝAR: AŞGABATDA GDA HALKLARYNYŇ AÝDYM-SAZLARY ÝAŇLANDY
Şenbe agşamy Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan» kinokonsert zalynda aýdym-sazly dabara geçdi. Meşhur aýdymçy, mahmal soprano sesli Wera Bazarowanyň ýerine ýetirmeginde ermeni, belorus, ukrain, gazak, özbek, moldawan, rus we türkmen dillerinde aýdymlardyr romanslar ýaňlandy. Roýalyň başyna ajaýyp pianinoçy, halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa geçýär. Şunlukda hem sahnada bu özüne çekiji klawişli guraly göreniňden şirin owazlaryň deňziniň tolkunlarynyň hümmüşine...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 88-nji maddasyna, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji we 25-nji maddalaryna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2021-nji ýylyň 22-nji maýynda on dördünji maslahatynyň barşynda geçirilen açyk ses bermegiň netijeleri boýunça: Gurbanmyrat Durdymyradowiç Aşyrowy...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annamuhammet Ataýewiç Sarjaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy. Resmi habar (turkmenistan.gov.tm)
В ТБИЛИСИ СОСТОЯЛСЯ ТУРНИР ПО ТЕННИСУ, ПОСВЯЩЁННЫЙ 140-ЛЕТИЮ АШХАБАДА
22-23 мая Посольство Туркменистана в Тбилиси совместно с Альянсом по развитию любительского и корпоративного спорта Грузии провели турнир по теннису, посвященный 140-летию Ашхабада и 30-летию независимости Туркменистана, а также объявлению 2021 г. Международным годом мира и доверия. В соревнованиях приняли участие представители дипмиссий и международных организаций, аккредитованных в Грузии. Турнир освещали местные СМИ. Проведение спортивных мероприятий совместно с Альянсом по развитию люб...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SEBITLERI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar. Işjeň ge...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekil...