SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULLYGY MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEPDE SPORT HEPDELIGINI GURADY
Russiýanyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde 2-nji aprelde 5-8 synp okuwçylaryň arasynda sport ýaryşlarynyň hepdeligi başlandy. Bu sport çäresi Bütindünýä saglyk gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygana bagyşlanýar. Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsullygy tarapyndan guralan bu sport-sagaldyş tapgyry ýaşlaryň arasynda sagat ýaşaýyş ýörelgelerini giň ýaýratmaga gönükdirilendir. Ýeňijileri...
ÝEREWAN METROPOLITENINDE TÜRKMENISTANA BAGYŞLANAN FOTOSERGI AÇYLDY
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy DIM-niň, Ýerewanyň meriýasynyň we Ýerewanyň Karen Demirçýan adyndaky metropoliteniniň goldaw bermegninde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Тürkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly fotosergini gurady. Bu sergi suratlar arkaly türkmen taryhynyň we medeniýetiniň giň dünýäsine syýahat etmäge, biziň halkymyzyň däp-dessurlarynyň baýdygyny öwrenmäge, şeýle hem ýurtdaky gerimli özgerişleriň depginine, Aş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellene...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY SENELERI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýe...
DOSTLUK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy. Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasyn...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY DÜNÝÄ SYÝASATYNDA YNAMY DIKELTMEGIŇ WE ÖZARA HORMATA ESASLANÝAN GEPLEŞIKLERIŇ MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly işjeň pikirler alşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda GDA-nyň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak ugrunda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi, şeýle-de sebit we halkara meseleleri agzap geçdi. Ministr halkara-hukuk kadalaryny dikeltmegi...