SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli şypahanalarymyzyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de olara berilýän ýollamanamalaryň bahalaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sag...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝANYŇ ULÝANOWSK OBLASTY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR
Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramow Ulýanowsk oblastyna iş sapary bilen bardy, ol bu ýerde oblastyň gubernatory Sergeý Morozow, şeýle hem I.N. Ulýanow adyndaky Ulýanowsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (UlDMU) rektory Igor Petrişşew bilen gepleşikler geçirdi. Oblastyň gubernatory bilen duşuşygyň barşynda RF-iň şu sebiti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryna garaldy. Hususan-da, Hazarda bilelikdäki ykdysady we söwda-logistik taslamalary...
ASTRAHANYŇ LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI TÜRKMENISTANYŇ LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI BILEN HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMÄGE GYZYKLANMA BILDIRÝÄR
Türkmensitanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetine baryp gördi we bu ýokary okyw mekdebiniň rektory Olga Başkina bilen duşuşyk geçirdi. Häzirki wagtda uniwersitetde Türkmenistanyň raýatlarynyň 200-e golaýy bilim alýar. Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we akademiki alyşmalar babatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Pursatdan peýdalanyp, bu ýokary okyw mekdebiniň rektory ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belle...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperw...
TÜRKMENISTAN MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALARYNYŇ ILKINJI SAÝLAWLARYNY GEÇIRMÄGE TAÝÝAR
Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän şu saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmeg...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPON KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 25-nji martynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň direktory Gota Iwanami hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda, hususan-da...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI SÖWDA WE MAÝA GOÝUMLARYNA GOLDAW BERMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI TOPARYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 25-nji martynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.A.Gurbanow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary D.W.Wolçaw ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri ösdürmegiň mesel...