SOŇKY HABARLAR
TMK-NYŇ ULY ZALYNDA ÝEŇIŞ WASPY ÝETIRILDI
8-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kamera ansambly kafedrasynyň guramagynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanyp, «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly aýdym-sazly agşam geçirildi. Tomaşaçylar Aleksandr Aleksandrow bilen Wasiliý Lebedew-Kimaçyň «Mukaddes jeň» aýdymyny ör turup diňlediler. Soňra Amangeldi Amanowyň we Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde Konstantin Listowyň «Ýerdölede», Ýeži Peterburgskiniň «Mawy ýaglyk...
TÜRKMENISTANA HYTAÝYŇ “CORONAVAC” SANJYMY GETIRILDI
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi. Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamy...
MILLI LIDERIMIZIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Şu gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käb...
KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler. Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WATANDAŞLARYMYZY ÝEŇIŞ GÜNI BILEN GUTLADY
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk e...
MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKYMYZY MÜBEREK GADYR GIJESI MYNASYBETLI GUTLADY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýan mübärek Gadyr gijesi milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da dabaraland...