SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda «Umyt üçin aýdym» atly ýaşlar horunyň, «Metropoliten» horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş A...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-iň ulgamy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we halkara howpsuzlygyny berkitmek ýaly esasy ugurlaryny ara alyp maslahatla...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk w...
Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň ähmiýetini belledi. Hususan-da, ýakynda Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri,...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizild...
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny belläp, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak we saglygy goraýyş ugurlarynda ö...