SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ BUZ ÜSTÜNDÄKI TÄZE ÝYL GÖRKEZME ÇYKYŞLARY
Täze ýyl baýramy-da ýetip geldi. Häzirki gyş günleri ýaşajyk ýa-da ýaňy başlan bolsa-da, figuralaýyn typyjy türgenleriň buz üstündäki çykyşlaryna syn etmek has-da özüne çekiji tomaşa. Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri toplumyna gatnaýanlar görkezme çykyşlary bilen begendirdiler. Buz üstünde «Maral» tans ansamblynyň repertuary indi ençeme ýyl bäri düregeýligi bilen tapawutlanýar. Ýaşajyk figuralaýyn typyjylar ençeme gezek daşary ýurt festiwallarynda baýrakly orunlary eýelediler, her ýyl gyş,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin: 1. 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýyl...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan edildi. * * * Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň energetika ministri Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe berk käý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarda we bilelikdäki işde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsu...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Hormat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DIPLOMATIK DÜZÜMINIŇ DUAÝÝENI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Tä...
BINAGÄRLIK WE GURLUŞYK SANLY YKDYSADYÝETE GEÇIŞ DÖWRÜNDE
?Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Şähergurluşyk özgertmeleri döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Žurnalyň nobatdaky sany sport...