RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Apr

Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.

DOWAMY
pic
11 Apr

«Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat

2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri,  ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary,...

DOWAMY
pic
9 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar. Ta...

DOWAMY
pic
6 Apr

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.   Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...

DOWAMY
pic
6 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzma...

DOWAMY
pic
4 Apr

Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Duşenbe şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.  Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde we resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häz...

DOWAMY
pic
2 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgam...

DOWAMY