SOŇKY HABARLAR
TALYPLARYŇ AŇ-PAÝHAS BÄSLEŞIKLERI
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dürli aň-paýhas çärelerini guraýar. Golaýda HYYweÖU Türkmenistanyň Bilim minisitrligi bilen bilelikde döwlet derejesinde filosofiýa we ykdysadyýet boýunça onlaýn olimpiadalaryň ikisini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Olimpiadalara okuw maksatnamalarynda ýokarda agzalan ylymlar bolan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem isleg bildirýänleriň ählisi – filosofiýany we ykdysadyýeti özbaşd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTANYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi....
KABULDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz n...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2021-nji ý...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini, gazanylan üstünlikleri parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatna...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertler...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň me...