img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜÇIN SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM ULGAMLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI BARADA AÝRATYN BELLEDI

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durnukly ösüşi çygrynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi.  Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärleri höweslendirmek we COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI AŞGABATDA ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 25-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
24 Sen

RESMI HABAR

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol...

DOWAMY
pic
24 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç gününi 28-nji sentýabra — duşenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli ed...

DOWAMY
pic
24 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen b...

DOWAMY
pic
24 Sen

RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ SÖWDA-SENAGAT PALATASY BILEN GATNAŞYKLARYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýewiň «Астраханская торгово-промышленная палата» Birleşiginiň prezidenti Tatýana Şateýewa bilen duşuşygy boldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şol sanda telekeçilik bileleşikleriniň derejesinde işjeňleşdirmek we telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň onlaýn-görnüşde mejlisini geçirmek – gepleşikleriň esasy temasy boldy. Tatýana Şateýewa söhbetdeşligiň barşy...

DOWAMY
pic
24 Sen

TARYH, DÄPLER, HÄZIRKI DÖWÜR: SERGI HAKDA SÖHBETDEN PARÇALAR

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy. Nakgaşlar taryhy ýordumlary, eziz Diýaryň gözelligini şekillendirýän nepis manzarlary, türkmen topragynyň sahawatyny wasp edýän natýurmortlary, çylşyrymy fakturaly gobelenleri, portretler tapgyryny, nepis şaý-sepleri we elde ýasalan dizaýnerlik önümleri... şanly senä bagyşlapdyrlar. Aýa Serhenowanyň döredijiliginiň muşdaklary tanymal nakgaşyň täze işleri...

DOWAMY