SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine: Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 1271-nji buýrugy bilen okuwa kabul etmegiň bellenen möhletini uzaldyp, ony 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda tamamlamak; Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14600
YLYM ADAMLARY: KITAPLAR DÜNÝÄSINIŇ ADAMY
Soňky ýarym asyrda Türkmenistanda kitaphana işiniň medeniýetindäki düýpli özgertmeleriň ählisi bu adamyň ady bilen baglanşykly. Baryp sowetler döwri türkmen halkynyň taryhy geçmişi, hususan-da pederlerimiziň gadymy we orta asyr hat ýazuw hem-de kitap medeniýeti bilen baglanşykly tutuş meseleler ulgamynyň daşyndaky unudylma berk diwaryny böwsen, bu medeniýetiň gözbaşy hökmünde Awesta üns beren, arap elipbisindäki ýok saýylan türkmen daşbasma kitaplaryny gaýtaryp beren batyrgaý taryhçy Almaz Berdi...
DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwreba...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI WE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar...
TELEKEÇILIGE DÖWLET GOLDAWY BAZAR YKDYSADYÝETINI ÖSDÜRMEGIŇ ŞERTIDIR
Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi. Milli Liderimiz telekeçilige goldaw bermegiň içerki syýasat ugrunyň üýtgewsizdigini tassyklap, anyk maksatlary öňde goýdy. Milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we onda hususyýetçilik pudagynyň...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÜRKMENISTANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERINI GOLDAÝAR
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan...