SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtadylar. Prezident Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni hem-de musulman dünýäs...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň esasy merkezleriniň biriniň ýolbaşçysy türkmen Liderini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlygyny beýan e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. ABŞ-nyň işewürler toparynyň wekili döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi. Erik Stýuartyň belleýşi ýaly, döwlet işgäriniň hem-de ýolbaşçynyň baý tejribesi we uly zehini türkmen Li...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE KAWKAZ MUSULMANLARYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň başlygy Şeýh-ul-yslam Allahşükür Paşa-zadeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlik üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy türkmen Liderini doglan güni we Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetendigi bilen gutlady hem-de bagt, berk jan saglyk arzuw etdi, Beýik Biribardan döwlet işinde uly üstünlikler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN GERMANIÝANYŇ LUKMANÇYLYK TOPARLARYNYŇ WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Professor döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we german lukmanlarynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GÖKDEPE METJIDINDE «AKGOÝUN TOÝ» SADAKASYNY BERDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi. Bu şanly sene uly dabara bilen bellenilýär. Onda halkymyzyň bagtyýarlygy we agzybirligi öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ählumumy ähmiýete eýe bolan hem-de türkmen halkynyň parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini ugur edinýän köpasyrlyk arzu...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlis başlamazdan öňürti, hoş habara — gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi. Her welaýatyň eller...