SOŇKY HABARLAR
TEJEN DERÝASYNYŇ ÜSTÜNDEN GEÇÝÄN AWTOMOBIL KÖPRÜSI ULANYLMAGA BERILDI
Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Ýakyn goňşy hem-de öňden gelýän hyzmatdaş hökmünde Eýran Yslam Respublikasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu waka g...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ MARY WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sebitde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat top...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PUDAKLAÝYN EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY ONLAÝN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň söwda, maliýe we daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşygyň işine Türkmen...
TÜRKMEN ARHITEKTORLARY HALKARA BÄSLEŞIKLERINIŇ ÜÇÜSINE GATNAŞDYLAR
Arhitektor Baýram Şamyradowyň ýolbaşçylyk edýän «ABK» döredijilik ussahanasy täze taslamalaryň birnäçesini halkara arhitektura bäsleşikleriniň eminler toparlaryna hödürledi. Aşgabatly arhitektorlaryň işleriniň möhüm bir artykmaçlygy – olaryň görnüşi we deňeçerligi tebigatdan nusga alynmagydyr. Hut owadan «gül» keşbiniň we bionika ýörelgeleriniň ulanylmagy netijesinde hem «Çopantelpek» çagalar bagynyň taslamasy Russiýanyň Arhitektorlar birleşmesiniň «Сады Придонья» kompaniýasynyň tabşyrygy esa...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň «Sanly dolandyryş» synag okuwynyň diňleýjilerine Hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji di...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Şu gün Döwlet gümrük gullugynda onlaýn görnüşinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň wekilleri bilen nobatdaky iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň birnäçesiniň işgärleri çagyryldy. Onda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele degişli düzümleriň wirusly ýokançlaryň ýaýramagyna garşy göreşmekde özara gatnaşyklarynyň çäreleri bilen bagly boldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda aýratyn ýokanç kesellere...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň Fransiýa Respublikasynyň «Medef International» telekeçiler assosiasiýasynyň baş sekretary hanym Žeraldin Lemble we bu guramanyň agzalary bilen duşuşygy boldy. «Medef Internationalyň» ýolbaşçysy iri fransuz kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň işewürligini ösdürmäge berýän ägirt uly goldawyny nazarda tutup, türkmen hyzmatdaşlary...