SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ELEKTROENERGETIKA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTAN — BMG: ÇAGANYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň, Mejlisiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň adam hukuklary ulgamynda däp bolan hyzmatdaşydyr. ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp barylýan işler çaganyň hukuklaryny goramagyň ileri tutulýan ulgamlarynda bu hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Çagalary goramagyň halkara gününde bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň wezipeleriniň we mümkinçilikleriniň netijeleri barada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili hem-de ÝUNISEF-niň Türkmenistand...
ÇAGALARYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY — WATANYMYZYŇ KUWWATY
Şu gün Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk senenamasynyň sanawyna girizildi. Bu ýörelgeler BMG-niň Çaganyň hukuklary...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly hal...
BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GURAMASYNYŇ «DIKELDIŞE TARAP HEREKET» ATLY SEBITLEÝIN MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin maslahata Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň,...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ STRATEGIK BILIMLER WE BARLAGLAR MERKEZINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji direktory jenap Halid Al Suwaidininiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky bar bolan ýokary derejeli hyzmatdaşlygy bellediler hem-de ylym ulgamyndaky milli kanunçylygyň meselelerine we bu ugurdaky tejribeleri paýlaşmagyň mümkinçil...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAGTYÝAR ÇAGALARYNA HEM-DE HALKYNA
Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi jana şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Wata...