SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
?Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylan...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de ygtybarly azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine oba hojalyk önümçiliginde ek...
RESMI HABAR
Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdelerini...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Goňşy ýurtdan bolan hyzmatdaşlar telekeçilik işine döwlet goldawy hem-de bu ulgamy giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Söwda-sen...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Ministrler Kabinetiniň binasyna welosipedli ugrady. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge berýän uly ünsi netijesinde s...
RF-YŇ ASTRAHAN OBLASTY BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar RF bilen gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýän, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürl...
SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täj...