TÜRKMEN DIPLOMATIK WEKILHANASYNYŇ GURAN KABUL EDIŞLIGINE ŞA MAŞGALASYNYŇ AGZALARY GATNAŞDYLAR

Er-Riýadyň diplomatik wekilhanalaryň ýerleşýän ýerindäki Medeniýet köşgünde ýurdumyzyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky diplomatik wekilhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlap kabul edişlik gurady.
Şazada, Er-Riýadyň gubernatory Feýsal bin Bandar bin Abdulaziz Al Saud, Saud Arabystanynyň içeri işler ministriniň orunbasary doktor Nasser Bin Abdulaziz Al Daud, Şazada Saud Al Feýsal adyndaky Diplomatik barlaglar institutynyň, Şa Feýsal adyndaky Yslam barlaglary ylmy merkeziniň, Ylmy barlaglar we halkara bilimleri merkeziniň (CRIK) wekilleri, şeýle hem hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtyň dolandyryş edarasynyň, ýurtda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, Dünýa türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň saud bölüminiň we kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň, telekeçiler toparynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistany we Saud Arabystanyny taryhy-medeni umumylyk we iki halkyň özara peýdaly hyzmatdaşlyga islegi bilen şertlendirilen dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri Türkmenistan we Saud Arabystany ikitrapalaýyn we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli özara hereket edýärler.
Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Ýangyç-energetika we nebit himiýasy pudagy, dokma we azyk senagaty, maliýe-maýa goýum ulgamy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk özara bähbitleri utgaşdyrmagyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat strategiýasy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Dünýäde ykrar edilen energetika döwletleri bolan Türkmenistan we Saud Arabystany ýangyç-energetika we nebit himiýasy ulgamlarynda özara hereketi güýçlendirýärler diýlip nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.
Türkmenistanyň energetika strategiýasy jähtinden Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna üns çekildi. Sebitiň durnukly ösüşine we Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi – türkmen-saud özara hereketiniň mysallarynyň biridir.
Çäräniň tematikasyna bagyşlanan sergi myhmanlary türkmen amaly-haşam sungatynyň: haly we zergärçilik önümleriniň, milli egin-eşikleriň, durmuşda ulanylýan zatlaryň nusgalary bilen tanyşdyrdy. Sergi taryhy-medeni mirasymyz, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň aýratynlyklary barada giňişleýin düşünje berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri serginiň kitaplar bölüminde hormatly orun eýeledi.