HALK MASLAHATY – BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK SYÝASATY

18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Halk Maslahaty döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesine laýyklykda halkara meseleleri bilen bagly köptaraplaýyn işleri geçirmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmekde, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Bu nukdaýnazardan esasy wezipeleriň hatarynda dünýä ýurtlary bilen halkara gepleşikleri işjeňleşdirmekdigi we giňeltmekdigi bellenildi.

Türkmenistan, ata-babalarynyň ýörelgelerine eýerip, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bu ugurda berk ýörelgelere esaslanýar.

Ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen berk, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Ilkibaşda bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn syýasaty ýöretmek bilen, ýurdumyz dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, döwletleriň bilen halklaryň arasynda özara düşünişmäge işjeň gatnaşýar.

Ýurdumyz birnäçe ykdysady we ynsanperwer-medeni ugurly birleşmelerine hem gatnaşýar.

Bu ýörelgeleriň berjaý edilmeginiň ýene bir subutnamasy ýakyn günlerde, ýagny şu ýylyň awgust aýynyň başynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçiriljek Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti bolar.

Üç döwletiň baştutanlarynyň ýygnagynyň sebitiň halklarynyň bähbidi üçin özara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine goşmaça itergi berjekdigine şek ýok.

Halk Maslahaty - bitaraplyk, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty (turkmenistan.gov.tm)