Kabulda Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministri Hedaýatullah Badri bilen duşuşdy. Taraplar TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça amala aşyrylýan işler we TAPI taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.