AŞGABADYŇ TARYHY: TÄZEDEN DIKELDILEN ŞÄHER

Türmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygynyň öňýanynda geçilen ýola garamaga we Aşgabadyň haçan, nämeden başlanandygyny, ol döremänkä, nämäniň bolandygyny we onuň häzirki keşbinde taryhyň haýsy döwürleriniň yz galdyrandygyny ýatlamak dogry bolsa gerek. Binagär taryhçy Ruslan Myradow bu barada gürrüňini dowam etdirýär. Onuň söhbetiniň mundan öňki böleklerini şu salgyda: okap bilersiňiz.
1948-nji ýylyň 6-jy oktýabrynda ýarygijeden soň, 2-den 17 minut işlände Aşgabat güýçli ýeryranmasyna sezewar boldy. Bu tebigy hadysanyň episentri-titremäniň merkezi Aşgabadyň özündedi. Ýerasty zarbalaryň güýji Rihteriň şkalasy boýunça 9-10 balla barabardy. Sanlyja minutda şäheriň we onuň etekleriniň jaýlarynyň aglabasy weýran bolup, kommunikasiýa tutuşlaýyn hatardan çykypdy. Alatozanyň içinde gijäniň gorkunç tümlügini köpsanly ýangyn şapagy ýagtyldýardy. Jahan ýagtylanda, adamlaryň göz öňünde elhenç görnüş peýda boldy: şäheriň ýerinde diňe daragtlar we öý peçleriniň daş turbalary galypdy. Ýykylman galan bina birlän-ikiländi, bütin galanlaryň aglabasy-da şeýle bir gözgyny ýagdaýdady welin, soň olary barybir söküp aýyrmaly bolupdy.
Bu elhenç pajygada näçe adamyň heläkçilige uçrandygyny kesgitlemek indi aňsat däl. Gözi bilen görenler we soňra barlag geçiren derňewçiler bir ylalaşykly: gurban bolanlaryň sany şol döwürde bilgeşleýin az görkezilipdir diýen pikiri aýdýarlar.
Diri galan aşgabatlylaryň, ýerli garnizonlaryň esgerleriniň we serkerdeleriniň edermenligi, sowukganlylygy we guramaçylykly hereketleri pajygadan soňky ilkinji günlerde köpleriň halas edilmegine sebäp boldy. Şeýle hem Moskwadan, Bakuwdan, Daşkentden, Alma-atadan we beýleki şäherlerden lukmançylyk we azyk iýmitleri taýdan, gaýry möhüm goldawyň hem-de ýardamyň çalt gelip ýetişmeginiň ýola goýulmagyny aýratyn bellemek hökmandyr. Türkmenistanlylaryň köpüsi şonda ýerli-ýerden weýran bolan paýtagta eňip, ýakyn-ýaranlaryny agtarmak işinde halas edijilere uly kömek berdiler.
6-njy oktýabryň säheri Karl Marks meýdançasy açyk howadaky ägirt uly şypahana öwrüldi. Bu, gürrüňsiz, başa düşen pajyganyň möçberiniň-de, ejir çekenleri halas etmekde jan aýaman göreşýän adamlaryň gahrymanlygynyň ölçegsizdiginiň-de ýüze çykan ýeridi. Lukmanlar we sanitarlar bu ýere getirilýänlere gije-gündiziň dowamynda ýadaman-ýaltanman ilkinji saglyk kömegini berýärdiler, agyr ýaralylary ýakyndaky şäherlere ibermäge taýýarlaýardylar. Şu maksat üçin hökümet 120 raýat we harby uçar beripdi, 8-nji oktýabrda, demirýoluň zeper ýeten ýeri bejerilenden soň bolsa, bu kömege otlular-da goşuldylar. Betbagtçylykdan soňky ilkinji 25 günüň dowamynda şäherden 40 müňe golaý adam daşyna ugradyldy. Köpler, dürli sebäplere görä, şäheri özakymlaýyn terk etdiler, ýöne şol bir wagtyň özünde Aşgabady dikeltmek işine meýletin gatnaşmaga ýurduň ähli künjeginden adam bary gyssanmaç gelýärdi.
Ýertitreme Aşgabadyň köp bölegini düzýän çig kerpiçden gurlan jaýlaryň ählisini ýok etdi we bişen kerpiçden ymykly gurlan binalaryň esasy bölegine uly zyýan ýetirdi. Şol sebäpli şäher weýrançylygyň galyndylaryndan arassalandygyça, olardan-da dynmaly bolýardy. Şondan soňky arly ýyl Türkmenistana gurluşyk serişdeleri ýüklenen otlular gatnady. Gelýän ummasyz ýüküň ägirt uly möçberi hiç bir ammara sygjak däldi, şonuň üçin-de ýükler şäherden gündogarda 10 kilometrlikde düşürilýärdi.
Şäherliler öz güýçleri bilen wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryny gurýarkalar, Moskwanyň, Leningradyň, Rostowyň we beýleki şäherleriň binagärlik edaralarynda täze Aşgabadyň gurluşygynyň taslamalary işlenip düzülýärdi. Olar esasan seýsmiki täsirlere çydamlyly köp öýli iki gatly jaýlardan ybaratdy. Burçdaky jaýlaryň birinji gatynda, adatça, dükanlar ýerleşýärdi. Bu jaýlar içinde bag-bakjaly we abadanlaşdyrylan giň umumy howlulardan ybarat bolup, öňki kwartallaryň ölçegleri boýunça gurulýardy. Eger öň bir hem iki gatly jaýlaryň arasynda birleşdiriji zynjyr köçe bolan bolsa, indi ony umumy howly çalyşýardy. Şunuň ýaly howlular türkmen jemgyýetinde gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, mähribanlyk we bir ykbal bilen baglanan dürli maşgalalaryň medeni birligini täzeden döredýärdi.
Rewolýusiýadan we hatda uruşdan öňki Aşgabada mahsus bolan aýdyň görünýän milli we sosial aýratynlyklar täze şäherde ýokdy. Türkmen, rus, pars, ermeni mähelleleri diýilýän künjekler aradan aýrylypdy. Şäheriň ilaty artýardy, onuň düzümi-de üýtgeýärdi. Däp bolup gelen durmuş terzi, halk estetikasy bilen döwletiň öz raýatlarynyň boýnuna atýan ýaşaýyş sredasynyň arasyndaky gapma-garşylyklar 1958-nji ýyldan soň, Aşgabatda köpçülikleýin mikroraýonlar gurulyp başlansoň has-da ýitileşdi. Bu mikroraýonlaryň esger ýatakhanalary pisint gurluşy öňki Aşgabada we türkmençilige mahsus “köçe we howly” diýen ýaly düşünjleri biperwaý, keseki giňişlik bilen çalşyryp, ýok etdi.
Ýeryranmasyndan soň 10 ýylyň dowamynda paýtagtyň öňki aýna, metal işläp bejerýän zawodlardan, dokma we azyk fabriklerinden, aýratyn-da gurluşyk materiallaryny çykarýan kärhanalardan ybarat bolan senagatyny täzeden dikeltmek we öňki derejesine ýetirmek başartdy. Energetiki bazany döretmäge uly üns berilýärdi. 1950-nji ýyllarda senagatlaşmanyň depgini şeýle bir çalt derejä ýetdi welin, has iri we ekologiýa taýdan zyýanly kärhanalary şäheriň günbatarynda 10-15 kilometrlikde gurmak karar edildi. Şeýdip, senagat şäheri Büzmeýin döredi.
1951-nji ýylda milli Ylymlar akademiýasynyň açylmagy Aşgabada paýtagtyň wajyp ähmiýetini berýärdi. Aşgabatda ýerleşen Türkmen döwlet uniwersiteti we birnäçe ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlary tutuş Respublikany her dürli hünärli kadrlar bilen üpjün etdiler. Saglygy goraýyş ösýärdi. Birnäçe saglyk öýleri, şypahanalar, dispanserler bilen bir hatarda şäherde ýöriteleşdirilen medisina ylmy-barlag institutlary işläp başlady. Şäheriň medeni durmuşyny üç sany teatr, filarmoniýa, iki sany gyşky we birnäçe tomusky kinozallary, iki sany muzeý we birgiden umumy kitaphanadyr klublar düzýärdi.
1950-nji ýyllarda Aşgabadyň köne böleginiň täze binagärlik keşbi emele geldi. Bu hatarda iň wajyp binalar hökmünde: Mollanepes adyndaky teatr (1951 – 1958, binagär Aleksandr Tarasenko), Ylymlar akademiýasynyň binalar toplumy (1952 – 1959, awtorlar topary), Oba hojalyk instituty (1952 – 1953, awtorlar topary), Birinji maý köçesindäki söwda merkezi (1952 – 1953, Kazgiprotorg). Neoklassisizm ruhundaky demirýol wokzaly (1955 – 1957, binagär Ýewseý Sorin), Demirýolçularyň medeniýet öýi (1950 – 1952, binagär, Ýelizaweta Helaiýa), TDU (binagärler Mihail Kamyşnikow we Grigoriý Aleksandrowiç), birnäçe hökümet, edara we ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek bolar. Şäher weýrançylykly ýeryranmasyndan öňki ýagdaýyndan has uly we has görnükli edilip täzeden dikeldildi.
Aşgabadyň taryhy: täzeden dikeldilen şäher (turkmenistan.gov.tm)