SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...
MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNA EÝERIP
Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd bilen brifing geçirildi. Ilçi geçen ýyl bellenilen şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň ähmiýetini nygtady. ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasynda goý...
ТУРКМЕНСКОЕ БИЗНЕС-СООБЩЕСТВО УКРЕПИЛО ПОЗИЦИИ В СЕГМЕНТЕ ПРОИЗВОДСТВА ПЛОДООВОЩНОЙ ПРОДУКЦИИ
В минувшем году сельхозпроизводители страны вырастили богатый урожай бахчевых культур, плодоовощной продукции и зернобобовых. Значимую роль в укреплении потенциала агропромышленного комплекса и реализации госпрограмм импортозамещения и экспортоориентирования сыграл частный сектор. По данным Союза промышленником и предпринимателей Туркменистана (СППТ), большая часть продовольственной продукции выращена частными фермерскими хозяйствами и предпринимательскими структурами. В 2019 году ими произве...
MEDENI MIRAS — HALKYMYZYŇ RUHY BAÝLYGY
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnal halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny, şol sanda golýazmalaryny, Türkmenistanda taryh ylmynyň nazaryýet meselelerini öwrenmegiň netijeleri barada ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ DÜZÜMLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAGYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy. Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna elektrik energiýasy bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetirmelerine getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady. https://www.mfa.gov.tm/tk/news/1821
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...