SOŇKY HABARLAR
PAÝTAGTYMYZYŇ KÄRHANASY GYZGYNA DURNUKLY KERPIÇ ÖNDÜRILIŞINI ARTDYRÝAR
?Türkmendemirbeton» ÖB-niň paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän demir-beton önümleri zawodynda toýundan gyzgyna durnukly kerpijiň bir ýarym müň tonnasy taýýarlanyldy. Birnäçe aý mundan ozal açylan önümçilik uçastogynyň önümlerine uly isleg bildirilýär. Ol ýurdumyzda senagat peçleri we daş ojaklary gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek üçin oda çydamly kerpiç çykarýan ýeke-täk kärhanadyr. Şu ýyl zawodda 3500 tonna islegli material çykarmak göz öňünde tutulýar. Gyzgyna durnukly kerpiç...
TÜRKMENABADYŇ ÝÜPEK GURÇUGYNYŇ TOHUMYNY TAÝÝARLAÝYŞ ZAWODY GURÇUK ÇIG MALYNYŇ ÖNDÜRILIŞINI ARTDYRAR
?Lebapýüpek» ÖB-niň Türkmenabatdaky ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýyş zawodynyň toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri tamamlandy. Täze sehleriň ikisi guruldy, hereket edýän tehnologik enjamlar döwrebaplaşdyryldy, bu bolsa önümçiligi amatlaşdyrmaga we kärhananyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Mälim bolşy ýaly, Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýyş zawody – bu ugurdan Türkmenistanda ýeke-täk kärhanadyr. Onuň binýadynda «Lebapýüpek...
ÇÄRJEW ETRABYNDA TÄZE ÝGB IŞE GIRIZILDI
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze ýylyň öň ýanynda işe girizilen täze ýangyç guýujy beket ilkinji müň awtomobile hyzmat etdi. Ol Faraba barýan ýoluň ugrunda ýerleşendir we gije-gündiziň dowamynda 750 awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bekedi «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Lebapdaky hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň hünärmenleri gurdylar. Bu ýerde ýangyç guýujy kolonkalaryň dördüsi, şeýle hem tehniki taýdan hyzmat ed...
WATANÇYLYK, EDERMENLIK WE RUHUBELENTLIK MEKDEBI
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Makalalaryň awtorlarynyň hatarynda ençeme ýyl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Gurbanow hakynda Ýazmuhammet Gurbanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 6-njy ýanwary. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.Çarlyýew hakynda Çarygeldi Çarlyýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden bo...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowyň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Mejlisde paýtagtymyzda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşyna garalyp, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem birnäçe guramaçylyk...