SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan 1-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň global saglygy goraýyş ulgamy boýunça Baş direktory hanym Kim Hýe-sonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda lukmançylyk ulgamyndaky ikitara...
FRANSIÝADA TEGELEK STOL WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA DEGIŞLI TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tegelek stol we tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Ilçihanasy we Türkmenistan-Fransiýa Söwda edarasy bilen bilelikde gurnaldy. Tegelek stola we tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Ýewropanyň işleri we daşary işler ministrliginiň, Fransiýa...
TÜRKMENISTANDA TOPLUMLAÝYN MINERAL DÖKÜNLERIŇ ÖNÜMÇILIGI ÖZLEŞDIRILÝÄR
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde mineral dökünleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokumly maddalar ýokary konsentrirlenen toplumlaýyn “hasyllylyk witaminleriniň” öndürilişiniň özleşdirilmegi himiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýerli mineral serişdeleri ulanyp düzümi çylşyrymly dökünleri çykarýan önümçilikleriň döredilmegi -- has gymmat bahaly önümleri çykarmak ýolunda täze ädimdir. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde eýýäm ösüşiň täze tap...
BAÝRAMDURDY HUDAÝNAZAROW ÖZ KITABYNDA SAZ GURALLARYNYŇ TARYHY WE ÖZBOLUŞLYKLARY BARADA GÜRRÜŇ BERÝÄR
Türkmenistanyň halk artisti, tanymal kompozitor, Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Saz gurallaryny öwreniş” aly kitaby çapdan çykdy. Kitapda türkmen milli we giňden ýaýran nusgawy hem-de estrada saz gurallarynyň aýratynlyklary açylyp görkezilýär. Onuň “Saz hakda söhbet” atly birinji babynda awtor okyjyny sesleriň sazlaşyk dünýäsine atarýar, olaryň gelip çykyşyna we aýratynlyklaryna syn berýär, saz gurallarynyň ilkinji nusgalaryny, olaryň döreýiş we kämil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä Kair şäheriniň Ramzes demirýol menzilinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi we ýangyn zerarly, gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji...
DÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLANDYRYLAN WEKILLERI ÝÜZÜŞIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýar. Gepleşikleriň başynda, myhmanlar türkmen tarapyna duşuşygyň guramaçylygy we myhmansöýe...