SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ESKATO WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY TARAPYNDAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Meýletin milli hasabatyna (MMH) goldaw hökmünde geçirilen «Sistemleýin pikirlenmek we Durnukly ösüş maksatnamasyny (DÖM) milli meýilnamasyna integrasiýasy» atly üç günlük okuw seminary öz işini tamamlady. Seminaryň işine Türkmenistanda işleýän Halkara gur...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda eýeçiliginiň görnüşi...
GURLUŞYK TASLAMALARYNYŇ MAKSADY - HALKYŇ DURMUŞ DEREJESINIŇ ÝOKARLANMAGY
Şu gün Gökdepe etrabynyň çäginde hususy bölege degişli iki iri desganyň — agrosenagat toplumynyň hem-de demir beton önümlerini öndürýän kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, milli parlamentiň deputatlarynyň, etrap häkimliginiň, sebitiň edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, hormatly ýaşulularyň, giň jemgyýetçiligiň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamy...
PARAHAT-7/3 ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNDA TÄZE JAÝLARYŇ ÜÇÜSINIŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
Şu gün paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bu dabara köpçülikleýin medeni çärelere utgaşdy. Mälim bolyş ýaly, Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy şäheriň Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow we «10 ýyl abadançylyk» köç...
“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary, maýa goýumlar...
HAZARYŇ TÄSIN SERIŞDELERI ÜNS MERKEZINDE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler. Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr. Hazar deňzi — dünýäde iň uly içerki suw ulgamy. Deňizleriň arasynda Hazar tebigy künjekleriň...
TÜRKMENISTAN — ÝEWROPA BILELEŞIGI: HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGURLARY KESGITLENILDI
Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Baş edarasynyň ýerleşýän Belgiýanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, ikitaraplaýyn görnüşde hem Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar bolan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň mö...