RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ IŞ KESILENLERIŇ GÜNÄSINI GEÇMEK HAKYNDA PERMANA GOL ÇEKDI

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi....

DOWAMY
pic
22 Sen

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL ETMEK HAKYNDA PERMANA GOL ÇEKDI

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk...

DOWAMY
pic
22 Sen

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ BIR TOPARYNA ÝURDUMYZDA ÝAŞAMAK ÜÇIN YGTYÝARNAMALARY BERMEK BELLENILDI

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň birtoparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi. Daşary işler ministrligi, Döwlet migrasi...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenis...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ÇÖL EKOULGAMLARYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULANDYGY BARADA

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişe...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-ny...

DOWAMY
pic
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ TOPLUMY: ÖSÜŞIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Türkmenistan şanly, ykbal ähmiýetli senäniň — Garaşsyzlygyň 32 ýyllygynyň bosagasynda dur. Özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan uly üstünlikleri gazandy. Milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy ykdysady garaşsyzlygy has-da berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energou...

DOWAMY