img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejl...

DOWAMY
pic
8 Okt

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärelere, hususan-da birinji Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mejlis ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriler.

DOWAMY
pic
8 Okt

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

DOWAMY
pic
8 Okt

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
8 Okt

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birnäçe duşuşyklara we medeni-ynsanperwer ugur boýunça çärelere gatnaşar.

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär

Bitarap Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasaty, ilkinji nobatda, dünýä döwletleri, hususan hem goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ulgamlaýyn, deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmäniň ta...

DOWAMY
pic
8 Okt

“Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Tü...

DOWAMY