SOŇKY HABARLAR
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgele...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikas...
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bilen ÝUNISEF-iň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hema...
Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler....
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy, Gazagystanyň wekiliýetine bolsa Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamy boýunça iki ý...
Termez dialogy Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşygy ösdürmegiň möhüm meýdançasy hökmünde
2026-njy ýylyň 4–6-njy iýunynda Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk meselelerine bagyşlanan Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Forum Ýewropa, GDA, Amerika, Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, bilermenler we seljeriş merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merk...