RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Iýun

BAE-nyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary has hem çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak barada anyk teklipler beýan edildi. Taraplar nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, ulag,...

DOWAMY
25 Iýun

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug açdylar. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer hukugy we adam hukuklary çygrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň geljegi ara alny...

DOWAMY
25 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet...

DOWAMY
24 Iýun

Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we adam hukuklary ýaly ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler. ÝB-niň...

DOWAMY
21 Iýun

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler ü...

DOWAMY
21 Iýun

Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Meýbl Çinomona bilen duşuşygy geçirildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň...

DOWAMY
21 Iýun

Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar b...

DOWAMY