SOŇKY HABARLAR
Üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammiti geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy. Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derw...
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen bolan duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory hanym Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek ugrunda halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini tassykladylar. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijes...
Türkmenistan – BMG: parahatçylygyň we döredijiligiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam edýär. Parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişliginde hemişe konstruktiw hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasyny...
Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama» gol çekişlik dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki Seýşel Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žerwe Mumunyň arasynda gepleşikler geçirildi....
Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilel...
Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. D...