RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy. ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmag...

DOWAMY
pic
8 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildir...

DOWAMY
pic
7 Noý

Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we...

DOWAMY
pic
7 Noý

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň...

DOWAMY
pic
7 Noý

Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamasynyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi üstünlikli geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan gurnalyp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýew wekilçilik etdi. Çäre garyşyk formatda...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

DOWAMY