SOŇKY HABARLAR
ADAMLAR BARADAKY ALADA — TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ WAJYP UGRY
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr....
TÜRKMENISTANDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILER
Bahar bag we gyrymsy agaçlary ekmegiň iň amatly wagtydyr. Däp bolşy ýaly, bu döwürde biziň ýurdumyzda uly göwrümli abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 18-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bahar paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdir...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ BIRLEŞEN GULLUKLARYNYŇ PATYŞA INSTITUTYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň, häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri, şol sanda, owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň söwda-ykdysady...
TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI PARLAMENTARA BILELEŞIGINIŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ HEM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary G.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 11-15-nji marty aralygynda Manama şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) geçirilýän Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Assmableýanyň işine 117 sany daşary ýurt parlament wekiliýetleri gatnaşýar. Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň umumy garaýyşlary “Parahatçylykly ýaşamaga ýardam bermek we inklýuziw jemgyýet: çydamsyzlyga garşy göreşmek” atly temada jemlenendir. Bu b...
TÜRKMENISTAN UKRAIN HALKYNYŇ ÇAGALARY ÜÇIN YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy. Ukrain halkynyň çagalary üçin bu ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsüm...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 33-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 mü...