RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Mar

EÝRANYŇ ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiý...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY KONSULLYK EDARALARYNYŇ IŞI BARADA

Dünýädäki kyn epidemiologiki hem-de tebigy we tehniki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň diplomatik gullugy daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak üçin işjeň çäreleri amala aşyrdy we  häzir hem dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli Türkmenistanyň ýüzlerçe raýaty watanynyň daşynda galmaga mejbur boldy. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda bolmagy üçin amatly şertleri döretmek mak...

DOWAMY
pic
12 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. “Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär. Hormat...

DOWAMY
pic
12 Mar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady. “Biz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berýäris. Türkmen-hytaý köpugurly hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde geljekde-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýlip, Türkmeni...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar azyk we daşky gurşaw howpsuzlygy, daşky gurşawy tygşytly dolandyrmak, şeýle hem sanly ýer kadastrlary babatynda bilelikdäki işl...

DOWAMY
pic
10 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýu...

DOWAMY
pic
10 Mar

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNY GEÇIRMEKLIGI BELLEDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenild...

DOWAMY