SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady. “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, halkara işlerde işjeň orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strateg...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNY GUTLADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady. “Bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Siziň döwlet dolandyryşy babatda öňe sürýän konsepsiýalaryňyzyň we pikirleriňiziň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň, durmuşa geçirýän netijeli içeri we daşary syýasatyňyzyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz Türkmenis...
AŞGABATDA “HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI ŞERTLERINDE AZYK HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK” ATLY FORUM GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümetiniň hem BMG-niň Azyk howpsuzlygy we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldamagynda guraldy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Türkiýäniň, BMG-niň wekilleri, halkara gu...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE EÝRANYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow "Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege bilen gepleşikleri geçirdi. Duşu...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özarabähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça meseleler barada maslahat edildi. Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada belle...
DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy. 8-nji martda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi, onuň çäklerinde strategiki häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler iki ýurduň we ha...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY I.NEMATOW BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk işleri bu söhbetdeşligi...