SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE DÖREDIJILIK TAGLYMLARYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa laýyklykda, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. 20-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkal...
"ARKADAG" ŞÄHERINE BARYP GÖRMEK WE ÖSÜŞINE BAHA BERMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ TEHNIKI MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-nyň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şä...
HALKYŇ ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK TÜRKMENISTANY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MAKSATNAMALARYŇ BAŞ MAKSADYDYR
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy. Olaryň esasyny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ESTONIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYK GÜNI BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Estoniýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň P...
TÜRKMEN-BRITAN “GURLUŞLAÝYN DIALOGY”ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-britan “Gurluşlaýyn dialogynyň” ikinji bölümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işini dowam etdirdi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşky gurşaw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berýändigi, hususan-da, howanyň täsirini azaltmak üçin oba hojalygy, tokaý hojalygy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÄHLUMUMY ÝAŞYL ÖSÜŞ INSTITUTYNYŇ (GGGI) WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Netijeli halkara daşky gurşaw gepleşiklerini güýçlendirmek çarçuwasynda Türkmenistan hökümeti döwletiň ykdysady bähbitlerini degişli derejede ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen birleşdirmäge uly üns berýär. BMG-nyň Durnukly ösüş "Rio + 20" konferensiýasynda eden çykyşynda Türkmenis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...