SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat duşuşmaga we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BRUNEÝ-DARUSSALAM DÖWLETINIŇ SOLTANYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Solta...
PAÝTAGTYMYZDA BINAGÄRLIK-TASLAMA DÖREDIJILIK SERGISI GEÇIRILER
?Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» - şeýle at bilen türkmen paýtagtynda şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýanyň Tehnologiýalar merkezinde binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bil...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIK MIRASY YLMY-EDEBI JEMGYÝETÇILIGIŇ ÜNS MERKEZINDE
Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk işleri dowam edýär. 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda görnükli şahyryň döredijilik mirasyna bolan gyzyklanma barha artýar. Şeýle hem dünýä boýunça edebiýatyň muşdaklarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY KONSULTASIÝALAR BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji “Gurluşlaýyn dialog” başlandy. Bu maslahatlaşmalarda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, britan wekiliýetine bolsa Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makkenzi Smit ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit syýasaty, söw...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygy berk ygrarlydygyny tassyklanyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyz...