RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Dek

ON THE MEETING OF THE MINISTER OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN WITH THE HEAD OF THE JAPAN BANK FOR INTERNATIONAL COOPERATION

On December 21, 2022, the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov met with the head of the Japan Bank for International Cooperation (JBIC) Hayashi Nobumitsu in Tokyo. During the meeting, the parties noted the progressive dynamics of the development of Turkmen-Japanese relations across the entire spectrum of cooperation. An active and open dialogue between the leadership of the two countries was emphasized, which contributes to the further strengthening of interstate ties....

DOWAMY
pic
21 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY

2022-nji ýylyň 21-24-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar. Saparyň çäginde wekiliýetiniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon komitetleriniň 14-nji bilelikdäki mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşmagy, mundan başga-da Hökümetde, Parlamentde, degişli ministrliklerde we edaralarda...

DOWAMY
pic
20 Dek

AŞGABAT TÄZE ÝYLYŇ ÖŇÝANYNDA BAÝRAMÇYLYK ÖWÜŞGININE BESLENDI

Türkmenistanyň ak mermere beslenen paýtagtyny ýetip gelýän Täze ýylyň öwüşginleri gurşap aldy, yşyklandyryjy serişdeleriň ýagtylygy Aşgabady bezedi. Agşamyň düşmegi bilen yşyklar ýagty saçýar we şäher dessine täsin ertekä meňzeýär. Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, uly şaýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we şäheriň her künjeginde şugla saçýar. Täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgini ýurdumyzyň ýetip gelýän Täze – 2023-nji ýyly şatlykly hem-de şowhunly garşylamaga taýýardygyndan...

DOWAMY
pic
20 Dek

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARYNYŇ ÇÄGINDE BOLUP GEÇEN ÇÄRELER

2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Türkmen-Saud Arabystany diplomatik simpoziumy geçirildi. Oňa TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri, şeýle hem Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmenist...

DOWAMY
pic
20 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtal...

DOWAMY
pic
19 Dek

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 33 MILLION 727 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri  nah ýüplügi, tekiz boýalan we žakkard tüýjü...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BMG-NIŇ STATISTIKA MÜDIRLIGINIŇ DEMOGRAFIÝA STATISTIKASY BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň hünärmenleriniň wekilýetiniň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Statistika müdirliginiň Demografiýa statistikasy bölüminiň başlygy jenap Srdjan Mrkiç bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy temasy, halkara ülňülerine laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistanda Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň çägindäki hyzmatdaşlyk boldy. Türkmenista...

DOWAMY