SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ ARASYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýo...
DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy, «Mynasyp bereket» hususy kärhanasy ildeşlerimiziň Taze ýyl saçagy üçin onlarça azyk önümini hödürleýär. Olaryň arasynda «Agorik» atly öndürilen tagamly, hoşboý ysly köke we guradylan çörek bölejikleri, ýeňiljek nahar görnüşindäki beýleki iýmit önümleri, berhizliler üçin gara çörek we peýniriň käbir görnüşleri bar. Bu önümler häzirki wagtda diňe Daşoguz welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde hem bellidir. Ýurdumyzyň...
YGTYBARLY SUW ÇEŞMESI
?Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän uzak öri meýdanlaryndaky iki guýynyň – «Ajy guýy-1» we «Ajy guýy-2» durkuny täzeleýärler. Olaryň amala aşyrýan işleri bu ýerasty suw çeşmeleriniň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga we berimini dikeltmäge mümkinçilik döreder. Durky täzelenenden soň, olaryň her biri uly meýdany suwarmaga ukyply bolar. Daşoguz welaýatynda uzak öri meýdanlaryny ösdürmek üçin görülýän ulgamlaýyn çäreleriň aras...
“ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY” ESTRADA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI KESGITLENILDI
Şu gün paýtagtymyzda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gö...
TÜRKMENISTANDA ILATYŇ WE ÝAŞAÝYŞ JAÝ GORUNYŇ UÇDANTUTMA ÝAZUWY GEÇIRILÝÄR
17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar. Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň b...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER PARTIÝASYNYŇ IV GURULTAÝY
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik gur...
ÝURDUMYZYŇ TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezegle...