RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz we türk Lideri mähirli salamlaşyp, birek-biregi Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy bilen gutladylar. Munuň özi täze taryhy eýýamda türki dilli halklaryň arasyndaky köpasyrlyk...

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bi...

DOWAMY
pic
12 Noý

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ ÝOKARY ORDENI» BILEN SYLAGLANMAGY

Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeş...

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan goldamak, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de...

DOWAMY
pic
11 Noý

DÖWLET EMLÄGINI YNANÇLY DOLANDYRMAGA BERMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANYLDY

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şeýle-de “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Döwlet emlägini ynançly dolan...

DOWAMY
pic
11 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 11-NJI MEJLISI AŞGABATDA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň...

DOWAMY
pic
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Polşanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY