SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KARARA GOL ÇEKDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara derejede azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we berkitmek bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek we halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurş...
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ata Watanymyza hem-de hormatly Prezidentimize beýan edilýän buýsanç sözleri ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşlanyp geçirilen baýramçylygyň esasyny düzdi. Zenanlar halkymyzyň ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagyna, Diýarymyzyň gülläp ösmegine, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerine öz goşantlaryny goşýarlar we...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar “2022-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalaryň meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 2023-nji ýyl üçin çäreleri...
ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Rodrigo Enrike Arkosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Syýasy-diploma...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň bu ha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 4 MILLION 729 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri buýan...