SOŇKY HABARLAR
AŞYR HOJATOW – ZEHINLI DIRIŽÝOR
Şu ýyl tanymal türkmen dirižýory Aşyr Hojatowyň 70 ýaşy dolýar. A. Hojatow hakynda dogan-garyndaşlary, ýakyn dostlary: «Ýaşy ýetmişe ýetse-de, kalby ýaş» – diýýärler. Adamlaryň berýän şeýle bahasy A. Hojatowyň zähmet we durmuş ýoluna kybap gelýär. Tejen etrabynyň sähralarynda hemişe şadyýan aýdymlary aýdyp ýören ýigdekçe olary döredenleriň kimdigi barada pikirem etmeýärdi. Wagtyň geçmegi bilen Aşyryň özi hem sazanda, özem ýöne bir sazanda-da däl, eýsem dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti boldy...
«GUWLYDUZDA» DUZ ÇYKARYLYŞY ARTÝAR
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Tutuş ýurdumyzda öndürilýän duzuň ähli möçberlerini taýýarlaýan kärhananyň agzybir hünärmenleriniň iş alyp barýan zähmet meýdançasy diňe biziň döwletimizde, ýa sebitde däl, eýsem bütin dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen ýerleriniň biri hasaplanýar. Geçen ýyllarda kärhanada döwrebaplaşdyryş işleriniň geçirilmegi...
HIMIÝA BOÝUNÇA HALKARA OLIMPIADASY GEÇIRILER
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirer. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak üçin ýaryşyň guramaçysynyň www.tdu.edu.tm resmi saýtynyň olimp.tdu.edu.tm sahypasynyň Olimpiada-2022 bölümi açykdyr. Olimpiada gatnaşmaga haýyşnamalar şu ýylyň 11-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Olimpiada 14-nji noýabrdan 17-nji noýabr aral...
MOSKWADA TÜRKMENLERIŇ ETNOGRAFIÝASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
27-nji oktýabrda Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa instituty «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografiýa aspekti» at bilen türkmenleriň etnografiýasy boýunça seminar gurady. Çäräniň çäklerinde RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň neşir edýän «Türkmenleriň etnografiýasy» kitaplar tapgyry bilen tanyşdyrylyşy boldy. Neşire girizilen ylmy işler türkmenleriň etnografiýasy temasyndan türkmen senetçiligine bagyşlanypdyr we suratlar ýerleşdirilipdir. Russiýad...
«AHAL» BILEN «ŞAGADAM» FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTAN-2022 KUBOGYNYŇ FINALYNA ÇYKYP BILJEKDIGINI MÄLIM ETDILER
?Ahal» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy» futbol boýunça Türkmenistan-2022 kubogynyň finalyna çykyp biljekdigini mälim etdi. Ýarym finalyň ilkinji oýunlarynda olar garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Kubogyň häzirki eýesi «Şagadam» öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyny ýeňlişe sezewar etdi – 3:0. Bu duşuşykda Mekan Aşyrow (44-nji minut), Kerim Hojaberdiýew (58-nji) we Yhlas Magtymow (73-nji) gol geçirdiler. «Ahal» bolsa myhmançylykda esasy garşydaşy «Altyn asyry» 2:1 hasabynda utdy. Üç gün mundan öň...
ÇEPER TIKIN ÖNÜMLERINE ISLEG ÝOKARLANÝAR
Dokma senagaty pudagynda netijeli işleýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki 150 orunlyk tikin fabrigidir. Bu ýerde çeper elli ezber tikinçileriň onlarçasy zähmet çekýär. Ýylyň-ýylyna özleriniň tutanýerli zähmeti bilen ýokary iş görkezijilerine eýe bolýan ussat tikinçiler şu ýylyň geçen dokuz aýyny guwandyryjy üstünliklere beslediler. Has takygy, bereketli tikinçiler iş meýilnamanyň 138 göterim berjaý edilendigini muňa aýdyn nyşany bolup durýar. Bereket...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan halkara terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarýar. Ynsanperwerligiň iň belent taglymlaryndan ugur alyp we halklaryň parahatçylykly ýaşamagynyň umumy kab...