SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 7-nji maýy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Prezident Serdar Berdimu...
Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikita...
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär we onuň temasy – «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir. Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumy öz işine başlady. Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň ulgamy döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Ýurduň ykdysady durnuklylyg...
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-...
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda “Kabul Grand” myhmanhanasynda şu ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Owganystandaky wekilhanasy we Azerbaýjanyň Kabuldaky Ilçihanasy tarapyndan çäre geçirildi. Bu çärä Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi H.Öwezow çykyş edip...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, ş...