RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Apr

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherine iş sapary amala aşyryldy. Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkiýäniň DIM-niň binas...

DOWAMY
26 Apr

Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan Hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň 2...

DOWAMY
25 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony my...

DOWAMY
24 Apr

Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň d...

DOWAMY
23 Apr

Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Dewid Kameronyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ö...

DOWAMY
22 Apr

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekilleri, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ýokary okuw mekdepler...

DOWAMY
20 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen  GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, sport, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çä...

DOWAMY