SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ESTONIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYK GÜNI BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Estoniýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň P...
TÜRKMEN-BRITAN “GURLUŞLAÝYN DIALOGY”ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-britan “Gurluşlaýyn dialogynyň” ikinji bölümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işini dowam etdirdi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşky gurşaw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berýändigi, hususan-da, howanyň täsirini azaltmak üçin oba hojalygy, tokaý hojalygy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÄHLUMUMY ÝAŞYL ÖSÜŞ INSTITUTYNYŇ (GGGI) WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Netijeli halkara daşky gurşaw gepleşiklerini güýçlendirmek çarçuwasynda Türkmenistan hökümeti döwletiň ykdysady bähbitlerini degişli derejede ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen birleşdirmäge uly üns berýär. BMG-nyň Durnukly ösüş "Rio + 20" konferensiýasynda eden çykyşynda Türkmenis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat duşuşmaga we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BRUNEÝ-DARUSSALAM DÖWLETINIŇ SOLTANYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Solta...
PAÝTAGTYMYZDA BINAGÄRLIK-TASLAMA DÖREDIJILIK SERGISI GEÇIRILER
?Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» - şeýle at bilen türkmen paýtagtynda şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýanyň Tehnologiýalar merkezinde binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bil...