SOŇKY HABARLAR
KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Kubanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we golda...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ŞWESIÝANYŇ ILÇISINIŇ YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geç...
TÜRKMENISTAN WE EÝRAN MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Ol saparyň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryna itergi berýän birnäçe resminamalara gol ç...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ HÖKÜMET SAMMITINE-2023 GATNAŞDY
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda 2023-Bütindünýä hökümet sammiti geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriňdir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş...
TÜRKMEN OKUWÇYLARY XIX HALKARA ŽAUTYKOW BÄSLEŞIGINDE 5 MEDAL GAZANDYLAR
Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň şu ýylyň 1-nji fewralyndan 10-njy fewraly aralygynda Almaty şäherinde geçirilen XIX Halkara Žautykow onlaýn olimpiadasyna gatnaşmagynyň netijesi 2 kümüş we 3 bürünç medal boldy. Bäsleşikde matematikadan üstünlikli çykyşlary bilen türkmen okuwçylary jemi 5 medal gazandylar. Paýtagtymyzdaky iňlis dilini, himiýany we biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Rahym Agamyradow we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý e...
BAE-NIŇ NEBITGAZ KOMPANIÝALARY TÜRKMENISTANDA ÄGIRT ULY GAZ KÄNINIŇ ÖZLEŞDIRILMEGINE GATNAŞARLAR
Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnamasynda aýdylýar. «Taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky t...