img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Few

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 79-SY HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, yşyklandyryş kerosini, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. ...

DOWAMY
pic
13 Few

ÇEHIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Çehiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Waslaw Ýilegi kabul etdi. Wepa Hajiýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, Ilçiniň täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şeýle hem halkara we sebit gur...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdi...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTANDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda paýtagtymyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatna...

DOWAMY
pic
12 Few

“MIRAS” ŽURNALY: HALKYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNY ÖWRENMEKDE TÄZE YLMY BARLAGLAR

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri hem-de täze açyşlar baradaky makalalary özünde jemleýär. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuh...

DOWAMY
pic
11 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASAT UGURLARYNY BELLEDI

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzyň daşary syýasat ugurlaryny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar, Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl BMG-ä agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ilkibaşdan strategik häsiýete eýe bolandygyny, Türkmenistanyň B...

DOWAMY
pic
11 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI 2023-NJI ÝURDUŇ JIÖ-NIŇ ÖSÜŞ DEPGININI 6,5 GÖTERIME ÝETIRMEGI TABŞYRDY

Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmegi tabşyrdy, ol 2022-nji ýylda 6,2 göterim boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Hökümetiň öňünde şeýle wezipe goýdy.  Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek mak...

DOWAMY