RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hanym Liz Trassy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. “Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-...

DOWAMY
pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa we Braziliýanyň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Žair Bolsonaruwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65998...

DOWAMY
pic
6 Sen

ÝEWRAZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA HHR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan  dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler.  Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik...

DOWAMY
pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary...

DOWAMY
pic
6 Sen

AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...

DOWAMY
pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANATY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar. Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
pic
5 Sen

TÜRKMEN KARATEÇILERI GERMANIÝADA GEÇEN HALKARA ÝARYŞYNDA 16 MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen türgenleri Berlinde (Germaniýa) tamamlanan “Banzai Cup-2022” halkara karate-do ýaryşynda 5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç bolmak bilen, 16 medal gazandylar. Bäsleşige 31 ýurtdan 1211 türgen gatnaşdy, olar iki günüň dowamynda kata (maşk görkezme – görünmeýän garşydaş bilen söweş) we kumite (söweşde türgenleşme) ugurlary boýunça 89 baýrak ugrunda bäsleşdiler. Kata ugry boýunça uly baýraklary Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňňur öwredilýän 1-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 5-...

DOWAMY