SOŇKY HABARLAR
TALYP ILDEŞIMIZ KARATEDO BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYNDA ÝEŇIJI BOLDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow Germaniýanyň Berlin şäherinde karatedo boýunça 17-nji gezek geçirilen «Banzai Cup» atly halkara ýaryşynda altyn medal gazandy. Dawut Türkmenistanyň milli karatedo toparynyň düzüminde 3 – 4-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçen “Banzai Cup” halkara ýaryşyna gatnaşdy. Ýaryşa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgeni altyn medaly 75 kilograma çenl...
TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI
5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň...
DZÝUDOÇY ILDEŞLERIMIZ AWSTRIÝADA GEÇIRILEN ÝEWROPANYŇ AÇYK ÇEMPIONATYNDA ALTYN MEDALLARYŇ IKISINI EÝELEDILER
Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini eýelediler. Iki günläp dowam eden ýaryşa 37 ýurtdan 283 türgen (184 erkek we 99 zenan) ─ erkekler 7 hem-de zenanlar 7 agram derejesinde medallaryň 14 toplumy ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanly türgenler hem edil meýdança eýeleri ýaly iň köp adamly (28 dzýudoçy –16 erkek we 12 zenan) topar boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan ilkinji altyn medaly Hakberdi Jumaýew gaza...
ÝURDUMYZYŇ TELEKEÇI ZENANLARY ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ BSG-Ä GOŞULMAGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary,şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Beýleki aýry-aýry ýurtlaryň mysalynda Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyň we kabul edilmeginiň düzgünleri bilen tanşan çärä gatnaşanlar bu ugurdan bar bolan ylalaşyklara garadylar. BSG-niň Buenos-A...
ÝURDUMYZDA PAGTA ÝYGYMY BAŞLANAR
Türkmen agrosenagat toplumynyň esasy oba hojalyk ekini bolan pagtanyň ýygymy başlanar. Bu möhüm möwsümiň başlanjak senesini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululardan ýygymy “Bismilla” bilen başlap...
ZEHINLI ÇAGALARYŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşikler Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreler toplumyny açýar. Bu gözden geçiriliş köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçiligiň uly gyzyklanm...