SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN SPORT PUDAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDER
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde ýurdumyzyň sport pudagynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltýäňdigi barada habar berildi. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti (BSHK) bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürledi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2021-nji ýyllaryň dowamynda bu komitetiň agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatn...
«KÖPETDAG» TOPARY ÝEŇIŞ GAZANDY
?Merw» topary bilen Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň arasynda Maryda geçen oýun bilen ýokary liganyň toparynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyry başlandy. Bu iki topar şu çempionatyň çäginde eýýäm duşuşypdy. Aşgabatda geçen birinji tapgyryň duşuşygynda üstünlik «Merwe» hemra boldy – 1:0. Jogap oýny 5-nji minutda hasaby açan «Köpetdag» toparynyň görnetin artykmaçlygy bilen geçdi. Ýagşysähet Döwletgeldiýew öz jerime meýdançasynda oýnuň düzgünini bozdy we emin Jumamyra...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we tele...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN BEÝANAT
Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi. https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3299
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew Gazagystan Respublikasyna iş saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda DIM-niň binasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.B.Konuspaýew bilen türkmen wekilýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-hem pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi...
TÜRKMENISTANDA GÜÝZLÜK BUGDAÝ EKIŞINE BADALGA BERILDI
2-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde belleýşi ýaly, bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýe...
RUMYNIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözl...