SOŇKY HABARLAR
BÜZMEÝIN ETRABYNDAKY TÄZE JAÝLAR
Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde 120 töweregi köp öýli ýaşaýyş jaýlar gurulýar. Birbada üç sany uly ýaşaýyş toplumy döredilýär, olara ýakyn wagtda birnäçe müň maşgala göçüp geler. Iri panelli jaýlardan ybarat ýaşaýyş toplumlary Senagat, Köpetdag, Altyn asyr, Ahal, N. Ökdirow, Oguzhan we beýleki köçeleriň ugrunda hatar tutup durlar. Diňe şu ýyl şäher ýaşaýyş jaý gurluşygynyň çäginde gurlan 17 sany köp öýli ýa...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekl...
TÜRKMEN PÄLWANLARY TÜRKIÝEDE GEÇIRILEN HALKARA ÝARYŞYNDA SEKIZ MEDALA MYNASYP BOLDULAR
Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýanyň Ankara şäherinden meşhur ştangaçy Naim Süleýmanoglunyň hormatyna bagyşlanan halkara ýaryşyndan Watanymyza sekiz medal getirdiler. Silkip galdyrmakda, itekläp galdyrmakda we ikileýin görnüşde kümüş medallaryň üçüsi Ogulgerek Amanowa gowşuryldy. Bu baýraga ol 55 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Silkip galdyrmakda ildeşimiz 70 kilogram agramy, itekläp galdyrmakda 85 kilogram agramy göterdi, bu bolsa görnüşleriň ikisiniň jeminde 155 kilograma...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-KOREÝ TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berişine görä, ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde şeýle çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Habarda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda giň ylalaşyga esaslanyp, ýokarda agzalan Komitet «Türkmen keşdeçilik sungaty» hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek goldady....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HMG-NIŇ GEŇEŞINIŇ 113-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Bu geňeşiň sessiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara...