SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELŞIGINIŇ WEKILÝETI TÜRKMENISTANDA ÝURDUMYZYŇ ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
Ýewropa Bilelşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýurdumyzda žurnalistikany ösdürmek boýunça iki günlük maslahaty öz işine başlady. Çäre tutuş dünýäde žurnalistikanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, media wekillerine hünär taýdan mundan beýläk hem kämilleşmek üçin täze ýollary we usulýetleri öwretmäge gönükdirilendir. Hususanda, maslahatyň barşynda, şeýle hem dezinformasiýa meselelerini we olary ýüze çykarmagyň hem-de amaly tejribeler arkaly olara garşy göreşmegiň usullaryny...
AKJAGAÝA ÇÖKETLIGINIŇ TÄSINLIKLERI
Türkmenistanda Akjagaýa çöketligi gury ýerdäki iň çöket ýer hasaplanylýar. Ol deňiz derejesinden 81 metr pesdir. Ýata suwly çöketlik Garagum çölüniň demirgazyk-günbatar çäginde, Daşoguz welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerde gum depelerinden soň duýdansyz takyrlyk başlanýar we ol täsin görnüşli çölüň ajap gözelligini aýdyň görkezýär. Bu ýeriň ak reňkde bolmagy Akjagaýanyň tapawutly tarapydyr. Çöketligiň gyralary mergelleriňdir hekdaşlaryň toprak-karbonat gatlaklaryna kybap ak, gülgüne we mele zol...
ÜZÜM HASYLY ÝYGNALÝAR
Türkmenistanda köp meýdany tutýan üzümden şu ýyl bol hasyl ýetişdirildi. Indi bazarlarda üzümiň «Gelinbarmak», «Terbaş», «Halyly», «Dagtokga» we başga-da ençeme görnüşleri bar. Üzüm ýetişdirmek işi öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistanda ol häzirki oba hojalyk önümçiliginde-de köpçülikleýin ýaýrandyr. Häzirki wagtda üzüm ýetişdirmegiň möçberi boýunça Ahal welaýaty ýurdumyzda öňde barýar. Mälim bolşy ýaly, üzüm iýmit siňdirişi gowulandyrýar, onuň miwesinde suwuň köp bolmagy bede...
DAGLARYŇ WASPÇYSY
Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň şu ýyl 85 ýaşy dolýar. Ol dürli usullarda ýüzlerçe suratlary – portretleri, peýzažlary, natýurmortlary, bezeg şekillerini çekdi. Kärdeşleri Annadurdy Almämmedowy daglaryň waspçysy diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol öz eserlerinde daglaryň gözelligini, kuwwatlylygyny we beýikligini türkmen suratkeşleriniň arasynda hiç kim bilen deňeşdirip bolmajak derejede ýadawsyz wasp edýär. Annadurdy Almämmedow Türkmenistanyň günbatarynda, Bendesen obasyn...
TÜRKMEN WE OWGAN LUKMANLARY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň başynda owgan tarapy bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada...
«GUNDOGDY» HK-SY AEROPORTLARY GURÝAR
?Gündogdy» hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara aeroportuň gurluşygyna girişdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bu telekeçilik düzüminiň gurýan üçünji aeroport toplumydyr. Potratçy gurama Türkmnebadayň Halkara aeroportunyň gurluşygyna gatnaşdy, Kerki şäherindäki (Lebap welaýaty) aeroprt toplumyny başdan aýak bina etdi. Jebeldäki täze howa gämiler gonalgasy Türkmenistanyň howa ulaglarynyň ösen ýerüsti düzümleriniň döredilmeginiň dowamy bolar. Ba...
TÜRKMEN BILERMENLERI ADAM HUKUKLARY BARADAKY DÜZGÜNNAMANYŇ TASLAMASYNYŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň bilermenler toparynyň maslahatyna gatnaşdy. Duşuşyga Daşary işler ministrlikleriniň işgärleri we Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan hem-de Belarus Respublikasynyň adalat ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar mejlise gatnaşan ýurtlaryň Arkalaşygyň Adam hukuklary baradaky komissiýasynyň Düzgünnamasyna degişli we GDA-nyň Adam hukuklary hem esasy raýat azatlyklary...