RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä we ýurduň ähli halkyna Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Zelenskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ukrainanyň halkyna bolsa durnuklylyk, rowaçlyk arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65662/turkmenistanyn-prezidenti-ukrainanyn-prezidentini-gu...

DOWAMY
pic
23 Awg

TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  Ýokary derejedäki saparlaryň...

DOWAMY
pic
23 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ TÄZE BELENEN ILÇISINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Rumyniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyz...

DOWAMY
pic
23 Awg

MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

2022-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen forumyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar...

DOWAMY
pic
22 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Gaziantep we Mardin welaýatlarynda bolup geçen ýol-ulag heläkçilikleriniň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenle...

DOWAMY
pic
22 Awg

AŞGABATDA WELOSIPED ÝARYŞY GEÇIRILDI

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde welosiped sporty boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ony Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Welosiped sporty federasiýasy gyradylar. Ahal, Daşoguz, Mary, Lebap welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden welosipedçileriň onlarçasy dört günläp iki ýaş toparynda bäsleşdiler. Ýaryş wagt boýunça şahsy, bilelikde we toparlaýyn, şeýle hem toparlaýyn ugurlarda geçirildi. Olarda ýeňiji aralyk hem-de final tapgyrlarda toplanylan u...

DOWAMY
pic
22 Awg

TÜRKMEN TENNISÇILERI BILLI JIN KING KUBOGYNY ÝEŇIŞ BILEN BAŞLAÝARLAR

Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar topary şu gün Duşanbe şäherinde başlanan Billi Jin King Kubogynyň (Billie Jean King Cup) zolaklaýyn ýaryşyndaky çykyşlaryna Täjigistanyň toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady. Zenan ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 2-nji toparynda birinji topara geçmek üçin ikä bölünen 8 topar güýç synanyşýar. Bije atyşlykda Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň toparlary bilen bilelikde “B” topara düşd...

DOWAMY